logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Moskwada duşuşarlar
  17.12.2023
649
GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Moskwada duşuşarlar

18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleri Gyrgyzystan Respublikasynyň ýolbaşçylyk etmeginde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Russiýa Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä bu çäre medeni we gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge gönükdiriljekdigi bellenilýär.

 

 

Duşuşykdan soň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada beýannama kabul etmek meýilleşdirilýär.

 

 

 

Beýannamada ýurtlaryň arasynda medeniýet gepleşikleri ösdürmek, GDA- ýurtlarynyň medeniýetini giňeltmek hem-de birek-birege hormat goýmagy güýçlendirmek dogrusynda bilelikdäki iş kesgitlener.

 

Maral Eminowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy