logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Geçen hepde geleşikleriň 34-si hasaba alyndy
  21.11.2022
841
Geçen hepde geleşikleriň 34-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri boýalan nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 500 müň manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. 

 

TDH.