logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Geçen hepde geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy
  21.03.2022
1023
Geçen hepde geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.

Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Şeýle hem, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we EKO kysymly awtobenzini, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümlerini, nah ýüplügini satyn aldylar. Bu geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 219 million 229 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 21 million 31 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.