logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy
  26.04.2024
580
Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy

Çarşenbe güni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam bilen baglanşykly okuw-usuly maslahaty geçirildi.

 

 

Maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirildi.

 

 

Okuw-usuly maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň tejribeli mugallymlary we talyplary aşakdaky temalar boýunça çykyş etdiler:


 

  • Sanly bilim portalyndan peýdalanyp okatmagyň hilini ýokarlandyrmak;
  • Distansion okuwy okatmagyň usulyýeti;
  • Sanly maglumat giňişliginde we internetde howpsuzlyk;
  • Ulanyjylary “kiberhowpsuzlyk” we “kibermedeniýet” adalgalary bilen tanyşdyrmak;
  • Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri;

 

 

Çykyşlaryň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Arslan Bäşimow öziniň ylmy işi ýagny, tebigy we taryhy ýadygärliklerimizi fotogrammetriýanyň esasynda VR – AR görnüşde öwrenmek boýunça çykyş etdi. Onda Nusaý galalar toplumyna, Seýit Jemaleddin metjidine we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetinde ýerleşýän geologiýa muzeýine VR – AR görnüşde syýahat edildi.
 

Yhlas BEKJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň II ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.