logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Geçmişiň şu günki şaýady
  16.10.2019
1377
Geçmişiň şu günki şaýady

     Ahal welaýatanyň Babadaýhan etrabynyň Ak wekil obasynda taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi işleýär. 1988-nji ýylda oba mugallymy Garýagdy Daňatarowyň yhlasy gözlegleriniň netijesinde esaslandyrylan bu muzeý hemişe köp adamly. Bu ýerde diňe bir oba adamlary däl, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar gelip, muzeýdäki tapyndylarbilen içgin gyzyklanýarlar.

     Oba muzeýinde geçmişiň şu günki şaýadyna öwrülen gadymy hem-de täsin tapyndylaryň 4500-e golaýy bar. Türkmeniň gadymy durmuşyny açyp görkezýän  gymmatly tapyndylar milli mirasymyzyň juda baýdygyny äşgär edýär. Muzeýiň bosagasyndan ätläniňden obada ýaşap, päk zähmetleri bilen özlerini uly ile tanadyp giden adamlaryň suratkeşler tarapyndan çekilen suratlary ünsüňi özüne çekýär.

     Bu ýerde arheologik tapyndylaryň, ene-mamalarymyzyň on barmagy bilen sünnälenip dokalan gadymy el halylarynyň keşdelenip edilen el işleriniň, irki döwürlere degişli dürli jaňlaryň, köne gap-çanaklaryň öý goşlarynyň ýörite otaglarda goýulmagy olaryň her birini içgin synlamaga giň mümkinçilik berýär.

     Erkek adamlaryň çokaý, çaryk, gelin-gyzlaryň gyrma köwüşleri bu ýerdäki tapyndylaryň üstüni ýetirýär. At-düýe esbaplarynyň gadymy görnüşleri, aýratyn-da gurnalyp goýlan köne kejebe milliligimize bolan buýsanjyňy artdyrýar. Muzeýde bolanyňda ata-babalarmyzyň „Könesi bolmadygyň-täzesi bolmaz“ diýmekleriniň asyl manysyna düşünip galýarsyň.