logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Geljek ýyl medeniýet hepdeligi Agabatda geçiriler
  27.06.2022
1189
Geljek ýyl medeniýet hepdeligi Agabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.