logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Geljekde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna 200 müň amerikan dollary bölünip berler
  18.01.2024
696
Geljekde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna 200 müň amerikan dollary bölünip berler

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollary bölünip berler.

 

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň üçünji ýylyna gadam goýan bu gaznanyň ýerine ýetiren işleri ujypsyzja wagtyň içinde bolmagyna garamazdan iňňän uludyr. Gaznanyň hereket edip başlan döwründen bäri onuň serişdeleriniň hasabyna çagalarda geçirilen 260 operasiýanyň 50-den gowragy welaýatymyzyň çagalarynda amala aşyryldy. Şeýle-de gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýürek-damar, ortopedik we beýleki kesellerden ejir çekýän çagalarda operasiýalar üstünlikli geçirildi.

 

 

Ştab-kwartirasy ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde ýerleşýän gazna, sözüň doly manysynda, öz öňünde goýan maksatlaryna ýetip gelýär. Geljekde sarp ediljek serişdeleriň hasabyna emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etdirmek boýunça zerur sarp ediş serişdelerini, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almak meýilleşdirilýär.


Ýazdurdy Karaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.