Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Geljekki sungaty öwrenijileriň diplom işleriniň goragy dowam edýär
  13.06.2025
306
Geljekki sungaty öwrenijileriň diplom işleriniň goragy dowam edýär

13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alan uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirilip, döwlet synag toparynyň agzalaryna we gelen myhmanlaryna uly täsir galdyrdy. Uçurymlar diplom işine uly jogapkärçilik bilen çemeleşdiler we bäş ýylyň dowamynda alan bilimleriň derejesini görkezdiler we üstünlikli goradylar.

 

Talyplaryň her biri saýlap alan temasynyň maksadyny, wajyplygyny we täzeligini belläp, ylmy gözleglerini görkezýän görkeziliş çykyşlaryny we wideoýazgylary taýýarladylar. Uçurymlar tarapyndan ýerine ýetirilen kitaplaryň, albomlaryň, kataloglaryň nusgalary türkmen sungatynyň taryhyny öwrenmekde peýdaly çeşme bolup hyzmat eder. Diplom goragyna ýurdumyzyň tanymal sungaty öwrenijileri, taryhçylary, alymlary, muzeý işgärleri, nakgaşlary, grafikaçylary, heýkeltaraşlary, halyçylary, keramikaçylary, zergärleri, mugallymlary, talyplary we uçurymlary gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň nakgaşçylyk sungatyna bagyşlanan Maýsa Berdiýewanyň “Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamanasy Türkmenistanyň halk suratkeşi Babageldi Owganowyň döredijiliginde”, Ogulgerek Pürsýanowanyň “Häzirki zaman türkmen nakgaşçylygynda täze gözlegler (B. Berkeliýewiň döredijiliginiň mysalynda)”, “Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy (A. Ataballyýewiň we W. Gurdowyň döredijilikleriniň mysalynda)”, Gülşat Annaseýidowanyň “Baýramdurdy Nuryýewiň döredijiligi”, Tawus Annadurdyýewanyň “Amanmyrat Modyýewiň döredijiliginde modernizm akymlarynyň şöhlelenişi”, Jennet Gökowanyň “Lebap welaýatynyň nakgaşçylygynda Myrat Baltaýewiň orny”, Ogulmaral Atajanowanyň “Mary suratkeşi Aýnagözel Nuryýewanyň döredijiligi”, Oguljahan Merdanowanyň “Azat we Gunça Myradowlaryň döredijiliginde dessanlaryň şöhlelenişi” ýaly diplom işlerinde ilkinji gezek halypa we ýaş suratkeşleriň döredijilik ýoly yzygiderli beýan edilýär.

 

Sonagül Meredowanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanýar”, Aýjemal Sapargeldiýewanyň “Daňatar Çaryýewiň döredijiliginde döwürdeşleriň keşbi”, Leýli Hudaýberdiýewanyň “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň döredijiliginiň özboluşly çeperçilik beýany”, Gülşat Esenowanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Annaguly Hojagulyýewiň döredijiligi”, Babamyrat Gurbanowyň “Dizaýn suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi” atly diplom işlerinde görnükli suratkeşleriň köpgyraňly döredijiligiň çeper gymmaty kesgitlenilýär.

 

Häzirki zaman türkmen heýkeltaraşlygynyň ösüşini beýan edýän Selim Rasulowyň “Witaliý Çaryýewiň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi”, Suraý Ýazmyradowanyň “Türkmenistanyň heýkeltaraşlygynda sazandalaryň çeper keşbi”, Güljahan Orazberdiýewanyň “Maksatmyrat Hojainowyň döredijiliginde türkmen durmuşynyň waspy” atly diplom işlerinde monumental we stanok eserlerine sungaty öwrenijilik taýdan syn berilýär. Jumageldi Aryslanowyň “Nursähet Eýeberenowyň döredijilik ýoly” atly diplom işinde türkmen grafika sungatyna saldamly goşandyny goşan halypanyň ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlary yzygiderlikde beýan edilýär we seljerilýär.

 

Türkmenistanyň amaly-haşam sungatyna bagyşlanan Abdyrahym Berdiýewiň “Türkmen milli at şaý-sepleriniň çeperçilik aýratynlygy (XX–XXI asyr)”, Şirin Janekowanyň “Türkmen haly sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi (A. Islamowa we G. Berdiýewa)”, Laçyn Çaryýewanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi, külalçy Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijiliginde haşam çözgütleri” atly diplom işlerinde milli sungatymyzdaky çeper däpleriň we täzeçilligiň arabaglanyşygy ylmy taýdan öwrenilýär.

 

Ogulşirin Hydyrowanyň “Garaşsyzlyk döwrüniň Mary şäheriniň arhitekturasy”, Gurbanmyrat Rejepowyň “Aşgabat şäheriniň metjitleriniň binagärlik aýratynlyklary” atly diplom işlerinde milli binagärlik däplerini hem-de häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy tejribesini özünde sazlaşykly utgaşdyrýan ajaýyp desgalara çeperçilik taýdan syn berilýär.

 

Ýaş sungaty öwrenijileriň diplom goragyna gatnaşan ähli tomaşaçylar türkmen sungatynyň dürli görnüşlerinde şöhlelenýän temalaryň wajyplygyna göz ýetirip, ussat halypalaryň we ýaş suratkeşleriň döredijiligine bilen tanyşdylar.
 

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.