logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
  01.03.2023
1195
«Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär! 

Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna berk ornaşan, parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilýär. Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy  akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň dürdäne eserlerinde hem giňden şöhlelenipdir.

Bäsleşigiň esasy maksady Nowruz baýramynyň gözelliklerini, milli gymmatlyklarymyzy, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakdan, wasp etmekden, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary, çeper söz ussatlaryny,  fotosuratçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz ozal başga neşirlerde çap edilmedik eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Gazetiň redaksiýasyna iberilýän eserleriň iň gowulary saýlanyp çap ediler. 

«Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň işlerine baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň wekillerinden ybarat eminler topary döredilýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Bäsleşik şu ýylyň 15-nji martyna çenli dowam edýär.  

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-96-24, 39-96-34.