logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Germaniýa Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär
  03.02.2023
1006
Germaniýa Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär

Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär.

Sanly gurallary ulanmak bilen söwda kompaniýalary öz harytlary barada deslapky maglumatlary elektron görnüşinde gümrük gullugyna, şeýle hem kagyz resminamalary ulanmazdan başga ýurtlara iberip bilerler. Bu bolsa Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirýär, ygtybarlylygyny üpjün edýär we tizleşdirýär.

Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly maglumatlaryň iberilmegi gümrük gullugynyň resminama barlag işlerini ýeňilleşdirer.