logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Gidroponika usuly näme?
  18.10.2023
799
Gidroponika usuly näme?

Gidroponika - bu topraksyz şertlerde ösümlikleri ýetişdirmegiň iň bir kämil usullarynyň biri hasaplanýar. Ösümlikler özlerine gerek bolan iýmit maddalaryny toprakdan almagyň ýerine ýörite taýýarlanylan suwyň üsti bilen alýarlar. Bu usulda wermukillit, perlit ýaly minerallary ulanmak arkaly ösümlikleriň köklerinden iýmitlendirilýär. Onuň birnäçe peýdaly taraplary bolup, olar:


Toprakly ekişe seredeniňde ekinler iki esse çalt öşüşi alýarlar,çünki ekinler suw arkaly iýmit elentlerini has çalt özleşdirýärler;


Ýylyň ähli paslynda hem ekiş geçirmek,hasyl mümkinçiliginiň bolmagy;


Zyýankeş mör-möjekleriň we keselleriň ýokuşmazlygy;


Haşal otlaryň döremezligi;


Alynýan hasylyň harytlyk hiliniň ýokary bolmagy;


Hasylyň ýokary derejede bolmagy;


Berilýän iýmit maddalarynyň ösümlikler tarapyndan maksimum derejede kabul edilmegi;


Mundan başgada birnäçe oňaýly şertleriň bolmagy bilen toprakly ekişden tapawutlylykda kök ulgamynyň kiçi bolmagy netijesinde kökine gitmeli iýmit maddalarynyň ýerüsti bölegine barmagy ýokary hasyl almaga esas bolup durýar. Bu usulda esasan pomidor, hyýar, ysmanak, brokoli kelemi, ajy burç, bulgar burçy, kabaçki ýaly başgada birnäçe ekinler ösdirilip ýetişdirilýär. Şeýle onuň ýene bir artykmaçlyklarynyň biri bolsa ekinleriň talap edýän temperaturasyny döretmek,iýmit maddalaryny kadaly ýagdaýda bermek bolup durýar. Gidroponika usulynda alynýan hasylyň harytlyk hiliniň ýokary bolmagy hem telekeçileriň ünsini has hem özüne çekýär.

 

 

Esen NAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň

3-nji ýyl talyby.