logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /«GIR DÜÝŞÜME!» - Ogulnur ATAÝEWA
  25.03.2023
1214
«GIR DÜÝŞÜME!» - Ogulnur ATAÝEWA

Barlygyňy bagt saýyp,
Ýitirenmi wagt saýyp,
Kim bizden eýlesin aýyp?
Gir sen ýene-de düýşüme!

Oýanaýyn, begeneýin,
Görenime guwanaýyn,
Bir aýagma daýanaýyn,
Gir sen ýene-de düýşüme!

Bolmadygy bolsun edip,
Ikimizem tebsiredik.
Eý, dünýäme ýerlemedik,
Gir sen ýene-de düýşüme!

Düşüşýäň ulalyberseň,
Huş-da şu, ynanybilseň...
Sen bir zat edip bilersiň,
Gir sen ýene-de düýşüme!