logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Health /GÖK ÖNÜMLERIŇ ADAM BEDENINE PEÝDASY
  21.03.2022
1948
GÖK ÖNÜMLERIŇ ADAM BEDENINE PEÝDASY

Hemişe adamlar öz durmuşynda iýýän iýmitlerine gowy üns bermelidirler. Sebäbi adam bedeni üçin ähli iýmit peýdaly bolup bilmeýär we käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlaryda bolýar. Şonuň üçin hem, her gün peýdaly önümleri saglygymyz üçin, ulanmak gerek bolýar. Çünki peýdaly gök önümleriň düzümindäki birnäçe witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyply bolýar. Meselem, bedende döreýän howply çişleriň öýjüklerine garşy betakarotin diýen madda göreşip bilýär. Bu madda bolsa hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde we beýleki gök önümleriň düzüminde aşa köp saklanyp bilýär. Şeýle hem şugundyr, ysmanak ýaly ösümlikleriň düzümindäki A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bar we bu witaminler köp mukdarda adam bedeni üçin örän peýdaly bolup durýar.

Gök önümleriň we miweleriň düzüminde witaminler we mikroelementlerden başga­da ösümlik süýümlerine hem örän baýdyr. Ösümlik süýümleri  zyýanly maddalary özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelik-de, olar hem bolsa içegede döreýän çiş keseliniň öňüni alýar.

Dogry iýmitlenmek üçin aşakdaky maslahatlara eýerseňiz, keselleriň öňüni almakda gowy netije gazanyp bilersiňiz:

- Gündelik durmuşyňyzda hökman gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanyň;

- Nahar önümlerinde bitewi ýa­da üwelen et önümleriň azyndan 35 gram bolmagy adam bedeni üçin zerurdyr;

- Tüssä kakadylan, ýagly, gowrulan et önümleriniň iýmitiňizde az bolmagyny, olaryň ýerine bolsa gaýnadylan, buglanan et önümleriniň köpräk bolmagyny gazanyň;

- Her gün nahar wagtynda sogan, sarymsak, gök çaý, kakadylan miweler, süýt önümleri, deňiz önümleri, limon we ş.m. ulanmak öz saglygyňyz üçin örän peýdalydyr;

Bagtiýar SALIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.