logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Gökdepäniň gön zawodynda 1 million 176 müň manatdan gowrak iş edildi
  24.02.2023
1373
Gökdepäniň gön zawodynda 1 million 176 müň manatdan gowrak iş edildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemegi belent maksat tutunan Gökdepäniň gön zawodynyň işçi-hünärmenleriniň işleri ilerleýär. Munuň şeýledigine kärhanada ýylyň ilkinji aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda kärhanada bahasy 1 million 176 müň manatdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Işine ussat hünärmenleriň onlarçasynyň zähmet çekýän ýeri bolan bu kärhananyň önümçilik bölümleri gön önümçiligi boýunça kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýylyň ilkinji aýynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň tagallalary bilen dürli görnüşdäki we ölçegdäki, ekologik taýdan arassa gön önümleri taýýarlandy. Bu önümlere hususy pudagyň wekilleri tarapyndan uly isleg bildirildi.