logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gökdepe etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
  10.05.2023
867
Gökdepe etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Gökdepe etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 09:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.
Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800132) 6-00-34.