logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gökdepe etrabynda diş ýuwýan çotgalary öndürýän kärhana açyldy
  18.05.2022
988
Gökdepe etrabynda diş ýuwýan çotgalary öndürýän kärhana açyldy

Ýakynda, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde diş ýuwýan çotgalary öndürýän kärhananyň dabaraly açylyşy boldy. Bu häzirki zaman kärhana Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ildeşlerimize ajaýyp toý sowgady boldy. Açylyş dabarasyna Ahal welaýat, Gökdepe etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle-de täze desganyň gurluşygyny ýerine ýetiren gurluşykçy-hünärmenler gatnaşdy.

Diş ýuwujy çotgalary öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişlidir. Onuň gurluşygyny «Ýüpek ýol harytlary» hojalyk jemgyýetiniň ezber elli gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardy. Ýylda diş çotgasynyň 5 millionyny öndürmäge mümkinçiligi bolan täze kärhanada Awstriýanyň «ENGEL GmbH» we Germaniýanyň «ZAHORANSKY AG» kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň oturdylmagy ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhananyň gurlup, işe girizilmegi bilen, ol ýerde ýerli ýaşlaryň 30-dan gowragyna döwrebap iş orunlary döredi.