logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Gökdepe etrabynda ekologiýa çäresi geçiriler
  01.03.2024
784
Gökdepe etrabynda ekologiýa çäresi geçiriler

Gökdepe etrabynda hapa galyndylary ýygnamak, durnukly ösüş üçin “ýaşyl” taslamalary taýýarlamak boýunça bäsleşikleri öz içine alýan “Ýaşyl” oýunlar toplumy guralar. Bu ekologiýa çäresi 3-nji martda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň meýletinçileriniň we ekologiýa babatda işjeň agzalaryň gatnaşmagynda geçiriler.

 

 

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guraljak bu çärede gatnaşyjylar tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanşyp, “Agama” alpinistler klubynyň agzalaryndan ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny öwrenerler.

 

 

Bu ekologik çäräniň çäklerinde birnäçe bäsleşikler geçiriler.

  1. Galyndylary ýygnamak bäsleşigi: 6 adamdan ybarat topar bölünip berlen meýdan çägi zyňyndylardan arassalamak boýunça bäsleşerler. Bäsleşigiň ahyrynda her toparyň toplan zyňyndylarynyň agramy çekiler we ýeňiji yglan ediler.
     
  2. Şeýle-de “Ýaşyl” taslamalary taýýarlamak bäsleşigi guralyp, onda ekologiýa meselelerini çözmek maksady bilen toparlara “ýaşyl” taslamalaryň maksatnamasyny düzmek we tanyşdyrmak teklip ediler. Emin agzalar bolsa ideýalaryň döredijilikli häsiýetine we täzeçilligine baha bererler.
     
  3. Türkmenistnyň Gyzyl kitabyna girizilen sazak nahallaryny oturtmak bäsleşigi: Bu bäsleşikde toparlara sazak nahallarynyň 400 sanysyny ekmek teklip ediler. Eminler bolsa, olaryň ýokary hilli oturdylyşyna baha bererler. Iň köp sazak nahalyny ýokary hilli oturdyp bilen topar ýeňiji diýlip yglan ediler.
     

Eziz Batyrow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçlyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.