logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gökdepe etrabynda «Galla biziň baýlygymyzdyr!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  01.06.2023
934
Gökdepe etrabynda «Galla biziň baýlygymyzdyr!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Gökdepe etrabynyň Galla önümleri kärhanasynda «Galla biziň baýlygymyzdyr!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda bolan duşuşyga agzalan kärhananyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Galla oragynyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda guşgursak ak bugdaýyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy, halkymyzyň rysgalydygy hakda söz açylyp, Watanymyzda däneçiligi ösdürmek, ýylyň-ýylyna ak ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek babatda edilýän tagallalaryň ähmiýeti bellenildi. Çykyşlarda öňde duran galla oragyny guramaçylykly alyp barmakda her bir adamyň goşandynyň möhümdigi aýratyn bellenip geçildi hem-de oňa gatnaşyjylara şonuň bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.