logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gökdepe etrabynyň çäginde täze obalary gurmak meýilleşdirilýär
  11.02.2023
2239
Gökdepe etrabynyň çäginde täze obalary gurmak meýilleşdirilýär

10-njy fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň barşynda, döwlet Baştutanymyz - sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalaryň, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athananyň ulanylmaga tabşyryljakdygyny belledi.