logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde «Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi
  01.06.2022
1077
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde «Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýakynda,  Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi» ady bilen welaýat derejesinde geçirilen baýramçylyk dabarasy täsirliligi bilen tapawutlandy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar — çeper elli halyçy gelin-gyzlar, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, toý ruhundaky eýwanda guralan sergini synladylar. Deňi-taýy bolmadyk gadymy halylaryň nusgalary, häzirki zaman haly önümleri, sowgatlyk halyçalar, halyçylyk senedine degişli esbaplardyr serişdeler baýramçylyk sergisine özboluşly öwüşgin goşdy. Aýdym-sazyň hoş owazly çykyşlaryna ulaşan toý dabarasyna gatnaşan çeper elli halyçylara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.