logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  17.08.2022
718
Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda  ýetginjek ýaşlaryň arasynda «Sagdyn ýaşlar — bagtyýar jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

Duşuşyga etrabyň ähli ýerinden gelen ýetginjekler gatnaşdy. Duşuşykda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Esasan hem, Gökdepe etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Annamuhammet Atanepesowyň, etrabyň köpugurly hassahanasynyň lukmany Eneş Gurbanowanyň çykyşlary ünsi çekiji boldy. Olar öz çykyşlarynda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, boş wagtlaryňy peýdaly işlere sarp etmek, temmäki önümlerinden we beýleki zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermek dogrusynda belläp geçdiler.