logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gökderedäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde medeni, sport-sagaldyş çäresi geçirildi
  15.08.2022
2123
Gökderedäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde medeni, sport-sagaldyş çäresi geçirildi

Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda medeni, sport-sagaldyş çäresi geçirildi.

Merkezde, Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýüniň “Gülle, ýaşlyk!” çagalar tans topary şowhunly çykyşlary bilen dynç alýan körpelere şatlyk paýladylar. Merkeziň çägindäki sport desgalarynda we meýdançalarynda, bäsleşikler we sport ýaryşlary geçirildi. Geçirilen ýaryşlarda tapawutlanan çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.