logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Göllerinde gözelligiň keşbi bar!
  28.02.2023
767
Göllerinde gözelligiň keşbi bar!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň at owazasy belentden ýaňlanyp, bagtyýar hem mähriban halkymyz ösüşlere tarap ynamly öňe barýar. Merdana halkymyz özüniň baý milli gymmatlyklary bilen dünýä ýüzüne meşhur bolan halkdyr. Medeni mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza täzeden öwüşgin bermeklige giň mümkinçilikler döredilýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda nepisligi bilen dünýä meşhur türkmen halylary esasy orny eýeleýär. Mähriban Arkadagymyzyň  ýiti paýhasyndan dörän «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp eserleri bu sungatyň syryna içgin düşünmek üçin gymmatly gollanmadyr. Halkymyzyň halyçylyk sungatyna söýgüsi gadymyýetden gözbaş alýar. Haly we haly önümleri dürli döwürlerde türkmeniň öýüniň bezegi bolupdyr. Beýleki gymmatlyklarymyzyň hatarynda türkmen halyçylyk sungatynyň hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy aýratyn bellärliklidir. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny gaty alyslardan alyp gaýdýar. Zenan zehininiň gudratyndan döreýän nepis halylara salynýan gölleriň her biriniň hem milli özboluşlygy bar. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň uz barmagynyň hünärinden syzylyp çykan, älemgoşar öwüşginli türkmen halysynyň her bir nagşy özboluşly dünýädir, gadymy mirasymyzyň inçe syrlarydyr. Türkmeniň ajaýyp halylary köňüllerimiziň nagşydyr. Bu gün biri-birinden ajaýyp hem nepis haly göllerimiz halkymyzyň jebisligini, keremli topragymyzyň sahawatyny, ata Watanymyzyň agzybirligini alamatlandyryp, dünýäniň belent münberinde al asmanda parlaýan ýaşyl Baýdagymyzyň bezegidir. Milli gymmatlyklarymyzy aýawlap saklamakda, türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde ýurdumyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun! 

 

Akgül ALLAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.