Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /GOŇŞY ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN GALKYNMAGYNA YZYGIDERLI GOLDAW BERÝÄN ATA WATANYMYZ TÜRKMENISTANDYR!
  02.03.2020
468
GOŇŞY ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN GALKYNMAGYNA YZYGIDERLI GOLDAW BERÝÄN ATA WATANYMYZ TÜRKMENISTANDYR!

       «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda toý-baýramlarymyz, şatlykly habarlar goşa-goşadan gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemleýji resminamasy bu guramanyň resminamasy hökmünde kabul edildi. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan baýram ediljek, toýlanyljak ýylynda Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ýene-de bir üstünligidir.

       Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary, ynsanperwer syýasaty, durmuşa geçirýän uly özgertmeleri geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan döwletimizi halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn üns berýän ýurduna öwürip, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriniň hatarynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän, halkara hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýän, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, geljegi uly hyzmatdaş hökmünde has-da meşhurlyk gazanýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda ýardam we hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen kararlardyr, permanlara gol çekýär. Muňa mysal edip Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 - 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnama tassyklanyldy.

       Bitarap Türkmenistan döwletimiz goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna yzygiderli goldaw berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň ugradylmagynda, eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik ýükleri ugradylýar. Goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama işlenilip taýýarlanyldy. Ol degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Hususan-da, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, saglygy goraýyş ulgamynda ynsanperwerlik taslamalarynyň amala aşyrylmagy, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmegi öz içine alýan degişli çäreler göz öňünde tutulýar.