logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /«Google Translate» programmasy indi türkmen dilini oflaýn görnüşde hem goldaýar!
  25.01.2023
1409
«Google Translate» programmasy indi türkmen dilini oflaýn görnüşde hem goldaýar!

«Google» kompaniýasy «iOS» we «Android» operasion ulgamlary bolan enjamlar üçin eýeçilikdäki «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam edýär. Bu gezek kompaniýa, türkmen we başga-da 32-den gowrak diliň oflaýn görnüşde terjimesini ýola goýmak bilen begendirmegi makul bildi.

Mundan beýläk, türkmençe dil paketini ýüklemek bilen internete birikmezden gündelik durmuşda gabat gelýän sözleri we uzyn tekstleri terjime etmek mümkin.

Belläp geçsek, «Google Translate» programmasyna 2020-nji ýylda türkmen dili resmi taýdan goşuldy.