logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Gorag astyndaky karnegiýa kaktusy
  25.09.2023
1469
Gorag astyndaky karnegiýa kaktusy

Karnegiýa kaktuslaryň monotip görnüşidir. Uly Karnegiýa ýa-da Saguaro agaç boýundaky ösümlik bolup, Meksikada, Kaliforniýada we Arizonada duş gelýär. Ol Sonoranyň endemik ösümligidir. Ilki başda bu görnüş Sereus urugyna degişli diýip hasaplanlýardy we oňa Uly Sereus diýilýärdi, soň bolsa Amerikan telekeçisi, polat senagatçysy we multimilloner bolan Endrýu Karnegiýanyň adyny göterýän aýratyn urug edip bellendi.

 

 

Kaktus  şahalanan ullakan sütünden durýar. Onuň beýikligi 18-20 metre, sütüniniň galyňlygy bolsa 65 sm-e barabardyr. Bu kaktusyň sütün-magistraly 12-24 gapyrgadan, her oňurganyň uzynlygy bolsa 7 sm-e ýetýär. Kaktusda adatça ýapraklary ýokdyr, diňe täze ösüp çykýan nahallaryň arasynda zordan görünýär. Ol maý-iýun aýlarynda gülleýär. Gülleri ýeketäk, uly, ak, gyrmyzy-gyzyl, seýrek mämişi, sary ýa-da ýaşyl reňkdedir, göni, turbaly, aktinomorf, käwagt birneme assimetrik görnüşdedir.

 

 

Karnegiýa kaktusy Amerikanyň günorta-günbataryndaky  çöl landşaftlarynyň aýrylmaz bölegidir. Meksikadan Arizonanyň günorta serhetlerine uzalyp gidýän Sonoran çölüniň nyşanydyr. Bu uly kaktuslaryň ýok bolup gitmeginiň öňüni almak üçin Saguaro milli seýilgähi döredildi.

 

 

ABŞ-nyň Arizona ştatynda ýabany kaktuslaryň, esasanam Karnegiýa kaktusynyň işjeň kesilmegine garşy çäreler geçirilýär. Bu ýabany kaktusy kesen ýa-da zeper ýetiren adama 25 ýyla çenli jeza çäresi görülýär.

 

Didar AKBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň II ýyl talyby.