logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Gordion täsin şäher
  25.09.2023
867
Gordion täsin şäher

Gordion Ankaranyň gadymy şäherleriniň biridir. Bu şäher miladydan öňki XII asyrda Hitit imperiýasy dargansoň ýüze çykan Frigiýanyň syýasy we medeni paýtagty bolupdyr.

 

 

Gordion Ankaranyň Polatli etrabynda ýerleşýär we miladydan öňki 2500-nji ýylda esaslandyrylýar. Frigiýa siwilizasiýasynyň paýtagty Gordionyň töwereginde miladydan öňki IX asyrdan biziň eýýamyzdan öňki III asyra çenli köp sanly mazarlyklar bar. Içki galanyň depesi Gordionyň arheologiki sebtini emele getirýän iň möhüm ýer hökmünde biziň günlerimize gelip ýetdi.

 

 

2023-nji ýylyň 10-25-nji sentýabr aralygynda Saud Arabystanyň Er - Riýad şäherinde bolup geçen Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji mejlisinde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

 

 

Gordionyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy bilen Türkiýe tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerleriň sany 20 - ä ýetdi.

 

 

Anadolydaky irki Frigiýa galasynyň diwarlary we monumental gurluşlary munuň özboluşly mysalydyr. Mundan başgada Diwrigi şäherindäki beýik metjit we hassahana Stambulyň taryhy etraplary, milli seýilgähi we Kapadokiýa gowak binalary esasy täsinlikleri hasaplanylýar we iň irki taryhy ýadygärlikleriň biri hasaplanylýar.

 

Tawus ILMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň weterinariýa
fakultetiniň I ýyl talyby
.