logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Goşa diplom gowşurmak barada şertnama gol çekildi
  11.06.2022
1305
Goşa diplom gowşurmak barada şertnama gol çekildi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa we W. N. Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiň rektory Konstantin Merkelow duşuşdy. Duşuşygyň netijesinde taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada meseleler maslahatlaşyldy. Okuw-türgenleşik, tejribe alyş-çalyşy bilen bir hatarda iki uniwersitetiň uçurymlaryna goşa diplom gowşurmak barada ylalaşyga gol çekildi. Rektorlaryň ylalaşygy türkmen-astrahan delegasiýa duşuşyklarynyň çäklerinde geçdi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew ýolbaşçylyk etdi. Astrahan toparynyň başynda bolsa Astrahan sebitiniň wise-gubernatory, hökümet başlygy Oleg Knýazew başlyklyk etdi.

Akjagül Myradowa,
Türkmenbaşy şäheriniň 13- nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mugallymy