logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Goşa gymmatlygyň halkara derejesindäki sarpasy
  01.03.2023
822
Goşa gymmatlygyň halkara derejesindäki sarpasy

Häzirki wagtda merdana halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň hatarynda ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri hem-de türkmen alabaýy mynasyp orny eýeleýär. Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy halkymyzyň sungat kämilligine ýetiren goşa gymmatlygydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň bu gadymy tohumlaryň gelip çykyşynyň hem-de biziň günlerimize çenli ösüşiniň taryhyna bagyşlanan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň we alabaýlaryň eýeleýän ähmiýetli orny hakynda giňişleýin gürrüň berýär. Atçylygyň we itşynaslygyň milli usullarynyň we däpleri türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esasy hökmünde siwilizasiýany hem-de dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny açyp görkezýär. Halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň behişdi bedewleriň baş sanyny köpeltmek maksady bilen döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny dowam etdirmek bilen bedewleriň tohumyny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barylýar, halk seçgiçileriniň bu naýbaşy ýörelgelerini täsin sungat hökmünde nesilden-nesle geçirmek ugrundaky başlangyçlar hem ýola goýulýar. Bu gün milli atşynaslygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilip, ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň netijeli usullary döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Milli mirasymyz bolan alabaý itleriniň mundan beýläk-de dünýä jemgyýetçiliginde wagyz edilmegine şert döredilip, alabaý itlerini dünýä ylmynyň gazananlarynyň usullaryny peýdalanmak arkaly, ýurdumyzyň itşynaslygynyň iň gowy ýörelgelerini artdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmak babatdaky işler hem bu goşa gymmatlyga halkara derejesinde berilýän ünsden nyşandyr. Ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolup, bu gatnaşyklar diýarymyzyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarly bolup durýar. 

 

Babajan ABDULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.