logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Goşa mukaddesligiň şanly baýramy
  04.05.2023
994
Goşa mukaddesligiň şanly baýramy

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji gününden başlap, biz taryhy wakalaryň, buýsançly pursatlaryň şaýady bolup gelýäris. Toýlary toýlara ulaşýan, gurmagyň, döretmegiň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýýan halkymyz ýene bir ajaýyp baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda demokratik, hukuk döwletiniň esas goýujy ýörelgeleri kesgitlenildi. Geçen döwrüň dowamynda onuň mazmunyna özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze ösüş basgançaklaryna çykmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde barha artýan abraý-mertebesi bilen baglylykda, birnäçe gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, täze redaksiýasy kabul edildi.

Mukaddes ýaşyl Tugumyz döwletliligiň, mizemezligiň beýanydyr. Onda her bir halkyň, milletiň taryhy dowamaty we gadymy däpleriniň, ata-baba adatlarynyň şöhlelenmesi görünýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda ata-babalarymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy jemlenendir.

Türkmen halky islendik döwürde hem Baýdagyna mukaddeslik hökmünde garap, oňa aýratyn sarpa goýupdyr, ony ýüzüniň tuwagy, döwletliligiň, bagtyýarlygyň, özygtyýarlylygyň nyşany hasaplapdyr, gorapdyr. Türkmen tugy öz ajaýyp reňkleri bilen hem türkmen milliligini şöhlelendiripdir. 

 

Myrat EKÄÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.