logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /Goşa toýuň şowhuny
  20.05.2020
886
Goşa toýuň şowhuny

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Ahal welaýatynda giňden bellenilip geçildi. Welaýat derejesindäki dabaralar Änew şäherinde geçirilip, onda hakyky toý ruhubelentligi höküm sürdi. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda şanly sene mynasybetli geçirilen Döwlet baýdagymyzy al-asmana galdyryş dabarasy şol günki toý şüweleňlerine özboluşly badalga boldy.  

         Watan goragçylary harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan mukamyň astynda Döwlet baýdagymyzy dabaraly nyzam bilen toý meýdançasyndaky ýörite bellenilen ýere alyp geldiler. Soňra Döwlet senasy ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylaryň Döwlet senasyny egsilmez ruhubelentlikde  ýerine ýetirmekleri bilen ýaşyl Tugumyz baýdak sütüni arkaly al-asmana göterildi. Dabaranyň ýaşyl Tugumyzyň asuda asmanda buýsançly pasyrdaýan şol tolgundyryjy pursady ähliniň kalbyna şatlyk paýlady.

      Soňra Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Çykyş edenler milli senenamamyzda aýratyn orun alan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ähmiýeti barada durup geçmek bilen, täze taryhy döwürde halkymyzda belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde, halkymyzy jebisleşdirmekde hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrmakda döwlet nyşanlarynyň şanyna tutulýan toýa möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellediler, şeýle-de halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, abraý-mertebesiniň synmazlygyny alamatlandyran ajaýyp senäni uludan bellemäge döreden mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

     Ýagşy arzuwlara beslenen gutlaglardan soňra dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy.