logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR
  26.07.2022
1005
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR

Her kimiň kalbynda öz hudaýy bolmaly.

Özüňe däl, iş salyşýanyňa näme gerekdigini öwrenmeli.

Goşgyny şahyr däldigiňi bilýänçäň ýazybermeli.

Guba düýe berip, kitap alýan azmy, kitabyny alar ýaly — şahyr?!

Akar suwuň öňüni arçaşdyryp goýbermegem — sogap.

Halkyňy öz beýik işleriň bilen beýgeltmeli.

Kesel bilen tutluşaňda, özüň lukmanyň tarapynda bolmaly.

Duşmanyňy dostunyň ýanynda öwmeli.

Oňat sazanda aýdymçy küýsedenok.

Parany zorlap däl, horlap alýarlar.

Egri ýoldan dogry ýöräp bolanok.

Adamyň ganaty — göwnünde.

Diňe ekin meýdanyny däl, edebiýat meýdanyny hem hapa-haşal otlardan arassalap durmaly.

Pikir beýniň ýüküdir, ony ýazdyrman ýatsaň, gara basyp oýanarsyň.

Gursagyň dar bolsa, dünýäň giňliginiň haýry ýok.

Bir oňat iş etmedik günüňi köýdi bil.

Eňňeräniň öň ýanynda ýygnalýan terne-türneleredir gawun-garpyzlara “läşeki” diýilýänini bilýärmiň?

Ýeke agajy ýel ýykar.

Ýokaryk dyrmaşmaýanyň aýagyndan aslyşanoklar.

Atajan ANNABERDIÝEW.