logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Goşgy setirlerim...
  23.05.2022
9814
Goşgy setirlerim...

               

         WATAN !


Zamananyň ak ýolunda,
Bagtyýar türkmen milleti,
Jümle-jahan ahwalynda,
Türkmen ykbaly  gülledi .

                         Parahatlyk baýlyk –genjiň,
                         Bitarap –asuda asman,
                         Garaşsyzlyk başda täjiň,
                         Erem bagly Türkmenistan!

Şöhrat bolup, dünýä dolduň,
Ýaşyl tuguň ,tugraň bilen,
Bir deprenmez ,döwlet bolduň,
Täze döwür döwran bilen.

                Nurlandyrdyň, türkmen bagtyn,
                Arşdan ýalkym, şuglaň bilen,
                Eýýamlardan aşyp gelen,
                Ýollaryň dowamat Watan!

                    Hüýr –melekler, ruhy serwer,
                    Arşy, melaýyk keşbinde,
                    Lälezar, gülleň yşkynda,
                    Sazlaryň, sahawat Watan!

 

 ZENANLARDAN AÝYRMA!!!


Gözel bardyr, süýji sözli mylaýym
Onsyz gynanarsyň geçse, gün–aýyň
Allam aýyrmasyn,gorasyn daýym.
Mährem gözel Zenanlardan aýyrma!

                    Gündiz güneş deýin nurly didesi,
                    Aladasy birdir, ýokdyr hilesi
                    Ýaradanyň bir ajaýyp miwesi,
                    Peri –peýker Zenanlardan aýyrma!

Ýürekleri mydam söýgä  mynasyp,
Özi ýaly bolsun halala nesip.   
Ýetirdiler has beýige ýyl aşyp,
Dünýäň durky Zenanlardan aýyrma!

                     Dünýädäki bary- ýogy balasy,
                     Söýen ýary ýüreginiň ýarysy,
                     Hiç bir wagtda bolmaz onuň nalasy,
                     Mert-merdana, Zenanlardan aýyrma!

Söýmek aýyp zat däl söýüp bilene,
Çyn söýginiň, hak aşygy bolana,
Her adama duşsyn, ajap nurana,
Kalby mährem, Zenanlardan aýyrma!

                       

                MUGALLYM !!!  


Beren öwütleriň entäk aňymda,
Mähriban mugallym, mährem mugallym!
Ýaşaýaňyz  müdimilik kalbymda,
Mähriban mugallym, mährem mugallym!

                 Öwretdiniz durmuşyň agy- garasyn,
                  Saýgaryp bilýäris olaň barysyn.
                  Ýadymdan çykmaýar her bir diýişiň,
                  Mähriban mugallym ,mährem mugallym!

Kynçylyksyz durmuş hiç ýerde bolmaz,
Kynçylygy ýeňmek ussatsyz bolmaz.
Siziň barynyzda kynçylyk  durmaz,
Mähriban mugallym ,mährem mugallym!

                           

            SÖÝGÄ DÜŞÜNMEK ?!


Berlipdir dünýäde söýgi diýlen zat,
Ol her kime nesip etmez dogry zat,
Diňe öz ýaryňa wepadar bolsaň,
Söýgä göz ýetirsiň, şonda adamzat!

                                 

                   EJEME !!!


Bolsamda men sizden alysda- daşda,
Ýatlaýaryn käbem seni her işde,
Dilegim alladan, ýagty durmuşda
Aramyzda baky ýaşa ejemjan!

Jumageldiýewa Ruhsara Jumageldiýewna
Türkmen oba hojalyk institudynyň 4-nji ýyl talyby