logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /GOWAÇA EKIŞI GURAMAÇYLYKLY BARÝAR
  07.04.2020
911
GOWAÇA EKIŞI GURAMAÇYLYKLY BARÝAR

       Bahar pasly özüniň gözelligi, ajaýyp iş aladalary bilen geldi. Ynha, bu günki-gün bolsa Tejen etrabynyň daýhan birleşikleriniň çäginde gowaça ekilişi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde işleriň sazlaşykly guralmagy, ekişe gatnaşyjylara medeni durmuş şertlerini göwnejaý ýola goýulmagy, tehniki hyzmatlaryň iş üstünde alnyp barylmagy daýhanyň işlerine has itergi berýar.

     Gowaça ekişinde howanyň amatly şertlerinden daýhan netijeli peýdanlanmaga çalyşýar. Kärendeçiler iş üstünde durup özleriniň işlerini etrap häkimliginiň bu işe dahylly tejribeli hünärmenleri bilen alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalary hem bu işe özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Önümçiligiň öňde baryjylaryna- kärendeçilere, sürüji mehaniklara 10 günligiň guwandyryjy görkezijileri üçin iş üstünde gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaklygy meýilnamalaryna girizdiler.

      Munuň özi bolsa Tejenli babadaýhanlaryň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna doly mümkinçilikleri döredýar.