logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Gowaça ekişine girişildi
  26.03.2020
829
Gowaça ekişine girişildi

     Ahal welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine guramaçylykly girişildiler. Möhüm we jogapkärli  oba hojalyk möwsümine girişmmek mynasybetli  Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki ekin meýdanynyň golaýyndaky ýörite taýýarlanan meýdançada dabara geçirildi. Welaýat, etrap häkimleriniň, oba hojalyk işgärleridir hünärmenleriniň, möhüm oba hojalyk möwsümine dahylly edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada dürli mazmunly sergilere, aýdym-sazly çykyşlara orun berildi.

     Soňra il sylagly ýaşulular ýagşy arzuwlar bilen topraga gowaça tohumyny sepdiler.  Ýaşuly nesliň göreldesine oba hojalyk işgärleriniň we beýleki myhmanlaryň eýermegi, şeýle-de  ýokary öndürijilikli kuwwatly ekiş geçiriji oba hojalyk tehnikalarynyň ekin meýdanynyň gyrasyndan girmegi welaýatda gowaça ekişine köpçülikleýin girişilendigini alamatlandy. Ýeri gelende, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda ahally daýhanlaryň 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmegi meýilleşdirýändigini, möwsümde ekiji tehnikalaryň 500-den gowragynyň  ulanyljakdygy, şolaryň uly toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň welaýatyň oba zähmetkeşlerine täzelikde sowgat eden häzirki zaman kämil tehnikalardygyny bellemek gerek.