logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /GOWAÇALARA IDEG IŞLERI GEÇIRILÝÄR
  07.07.2021
819
GOWAÇALARA IDEG IŞLERI GEÇIRILÝÄR

    Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda 34 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 65 müň 700 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Bu ugurda Tejen etrabynyň çäginde irki ekilen gowaçalar gülläp başladylar. Daýhan däbine görä, ilkinji gülleri ýüzüne sylyp, biri-birini gutlan pagtaçy kärendeçiler ýaş gowaçalara edilýän idegi güýçlendirip başladylar.

       Şeýle hem etrabyň çäginde ir baharda ekilen gowaçanyň “Jeýhun”, “Ýolöten – 14” we “Ýolöten – 39” ýaly ir ýetişýän sortlary indi birnäçe ýyl bäri Tejen topragynda özüniň gowy netijesini berip gelýär. Bu gowaça sortlaryna ideg etmegiň agrotehniki kadalaryny kemsiz ele alan daýhanlar, şu günlerde gowaçanyň hataralaryny bejermek, dökünlemek we suwarmak işlerini toplumlaýyn görnüşde alyp barýarlar. Sebäbi bu agrotehniki çäreler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin häzirki wagtda Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite döredilen topar tarapyndan geçirilýän işleriň hiline we wagtyna berk gözegçilik edýärler.

    Güllere beslenýän gowaçaly atyzlar daýhan zähmetiniň netijesi. Sähel wagtdan ol güller köreklere, soňra gozalara we ak hanalara öwrüler. Bu bolsa “Ak altyn” kemal geler. Şu ýyl hem Tejenli pagtaçylar gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekligi maksat edinýärler.