Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Goýunlaryň güýz ýüňüniň ähmiýeti
  25.11.2021
352
Goýunlaryň güýz ýüňüniň ähmiýeti

Biziň ýurdumyzda goýunlaryň, esasan, saryja we garaköli tohumlary
ösdürilýär. Saryja goýunlary et-ýag we ýüň ugurly, garaköli goýunlary
bolsa bagana ugurly tohumlara degişlidir.

Saryja goýunlary Türkmenistanyň çäginde halk seleksiýasynyň parasatly usullary arkaly döredilen tohumdyr. Bu mallar et-ýag we ýüň ugurly tohum bolup, guýrukman goýunlara girýär. Saryja goýunlary daýhan birleşikleri boýunça, esasan, - Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe we Bäherden etraplarynda ösdürilýär, hususy eýeçilikde bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu goýunlar türkmen halylary üçin gymmatly çig mal bolan ýarym irimçik ak ýüňi, ýokarу hilli et-ýag önümini we ýüňli derileri almak üçin saklanylýar. Garaköli goýunlary bilen deňeşdirilende, özüniň çalt semremäge bolan ukyby, ýokary et-ýag önümliligi (olar iri mallar bolup, diri agramy garaköli goýunlaryňkydan 8-10 kilogram köpdür) we gymmatly ak ýüňi berýändigi bilen tapawutlanýar.

Saryja goýunlarynyň ýüňli derileri hem gymmatly çig maldyr. II içinde uly ýaşly goýunlaryň ýa-da baga bakylan goýunlaryň ýüňli derileri içmek, possun we kel-
tekçe ýaly egin-eşikleri taýýarlamak üçin ulanylýar. Iki aýlyk döwründe (aprel-maý
aýlarynda) ete soýlan berre guzularyň derilerinden bagana, silkme telpekler taýýarlanylýar. Şol döwürde guzularyň ýüň örtüginiň reňki goňur, gara-goňur we ak-goňur görnüşinde bolýar. Şonuň üçin tokly derilerinden goňur reňkli telpekler taýýarlanylýar. Umuman, saryja tohumyndan bolan guzularyň reňki doglandan 4-5 aýlyga çenli, ýokarda görkezilişi ýaly goňur reňkli bolýar. Emma toklular ilkinji gezek gyrkylyp (4-5 aýlykda), olardan baýzy ýüňi (tokly ýüňi) alnandan soň, täzeden öwrenmek boýunça geçirilen barlaglar bu gymmatly çig malyň diňe bir içmekleri we possunlary taýýarlamak üçin däl-de, sem, sütük deri önümlerini (ýüň örtügi daşyna ugrukdyrylan görnüşde geýilýär) taýýarlamak üçin Her bir ulanyp boljakdygyny görkezdi. Güýz paslynda et üçin oýlan dowarlardan alnan ýüňli derileriň hiliniň ýokary we durnukly bolýandygy anyklanyldy. Toklulardan, işşeklerden we uly goýunlardan alnan ýüňli derileriň meýdanynyň soýlup alnan wagtynda şu
aşakdalar görkezijilere deňdigi kesgitlenildi: 8 aýlyk toklularyň-92 inedördül desimetre, 1,5 ýaşly işşekleriňki 91 inedördül desimetre, garry goýunlaryňky 140 inedördül desimetredeň. Deriler duzlanyp, guradylandan soňra, ol görkezijiler degişlilikde, 75 inedördül desimetre, 69 inedördül desimetre we 96 inedördül desimetre barabar boldy.