logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Gözel Aşgabadyň ajaýyp we kaşaň myhmanhanasy
  15.05.2023
1222
Gözel Aşgabadyň ajaýyp we kaşaň myhmanhanasy

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.

14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.

Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylan. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.

Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen «Mekan» diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.

Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary bar.

Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.

Guwanç BÄŞIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.