logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Gözel Şagulyýewanyň «Arkadagly Serdar» atly täze kitaby neşir edildi
  26.07.2022
3371
Gözel Şagulyýewanyň «Arkadagly Serdar» atly täze kitaby neşir edildi

- Mert ýigit mert Ärden öner,
Hemem ýagty pälden öner.
Hak diýene döwran döner,
Arkadagly Serdar geldi

     Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň «Arkadagly Serdar» atly täze kitaby çapdan çykdy.
Ýedi bapdan ybarat bolan bu kitap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanýar. Kitap «Arkadagly Serdar», «Ynam ak atyndadyr, ganatyndadyr», «Arkadagly Serdar geldi», «Arkadagly Serdar bilen», «Arkadagly Serdarymyz», «Perzent bilen boýlusyň sen», «Dostluk ýoly dowam edýär» atly bölümlerden durýar.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň täze kitaby, Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk işlerine bolan buýsançnamanyň şygryýetdäki teswiridir.