Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gözellige beslenen ak şäher
  12.10.2021
470
Gözellige beslenen ak şäher

Ýurdumyzyň ýüregi, baş şäherimiz Aşgabat ýylsaýyn gözelleşýär, görkanalyga beslenýär, giňeýär. Bu bolsa biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Gözel Aşgabadymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanalmaz derejede ösdi. Bu günki gün gözel paýtagtymyzy görmäge göz gerek.

Islendik ýurduň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde öz beýanyny tapýar. Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy asmana direýän beýik-beýik ymaratlaryny, göni we giň köçelerini, köpsanly seýilgählerini, owadan suw çüwdürimlerini, ýerasty we ýerüsti geçelgelerini, döwrebap köprülerini, ýaşyl zolaklaryny göreniňde, döwletimiziň nähili ýokary derejede ösendigine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyna göz ýetirýärsiň.

Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip berkidilen. «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýtagt döwletimiziň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezidir. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen köp gatly ýaşaýyş toplumlary, ylym-bilim, lukmançylyk we medeni merkezleri, häzirki zaman myhmanhanalar we başga-da durmuş ähmiýetli birnäçe desgalar guruldy. Bina edilýän desgalarda ata-babalarymyzdan gelýän usullary ylmyň we binagärligiň iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak arkaly ajaýyp sazlaşyk emele getirilýär. Merjen şäherimizde gurulýan binalardyr desgalar diňe bir daşky aýratynlygy bilen däl, eýsem, ýokary hil derejesi we gurluşyk kadalarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi bilen hem tapawutlanýar. Olaryň ýanaşyk çäkleriniň arassalygyna we amatly gurşawa eýe bolmagyna hem uly üns berilýär.

Döwletimizde köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralaryny ýaýbaňlandyrmak işleri tebigatyň gözel keşbine görk goşmaga, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleriň birine öwrüldi.