logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Gözelligiň hem-de bagtyýarlygyň şäheri
  19.05.2023
604
Gözelligiň hem-de bagtyýarlygyň şäheri

Eziz ata Watanymyz ykdysady we syýasy taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, binagärlik babatda hem asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde Gündogaryň merjenine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli sepgitler, aýratyn hem bina-gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygyna, öňde goýlan maksatlaryň örän tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aşgabat binagärlik, medeni hyzmat ediş, dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp, döwrebap şäherleriň biridir. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, halkara ülňülerine laýyk enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr.

Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde köprüleriň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriň hem üsti yzygiderli ýetirilýär. Aşgabatda ulaglaryň sanynyň köpelýändigini nazara alyp, ulag duralgalarynyň sanyny has-da artdyrmak, açyk we köp gatly awtoduralgalary gurmak, merkezi şäherimiziň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wajyp işler hem giň gerime eýe bolýar. Aýna ýaly arassa, giň şaýollarymyzda awtoulaglaryň hereketini düzgünleşdirmegiň döwrebap ulgamlary hem-de energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, ýoly yşyklandyryjylar, maglumat berýän ýazgylar bilen üpjün edilmegi döwrüň ösen talaby bilen berk baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýaşamak üçin iň amatly şäherdigini, bagtyýarlygyň mekanydygyny aýdyň beýan edýär.

Goý, ata Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

 

Baýrammämmet NYÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.