logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Gözellik hem nepislik siňen keşdeler
  24.04.2023
1097
Gözellik hem nepislik siňen keşdeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen keşdeçilik sungaty barha kämilleşýär, tutuş dünýä ýüzüne ýaýylýar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan keşdeçilik sungaty milliligimizi şöhlelendirýän gymmatly genji-hazynadyr. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige ýokary derejede orun berilýär. Has irki döwürlerden bäri ene-mamalarymyz egin-eşiklerini ajaýyp nagyşlar bilen bezäpdirler. Bu gözelligi hem nepisligi döredijiler bolsa ene-mamalarymyz, mährem zenanlarymyz, çeper elli gelin-gyzlarymyzdyr. Çünki olar gözleriniň gören, kalbynyň söýen ähli ajaýyplyklaryny özleriniň ýerine ýetirýän el işlerine, keşdedir gaýmalaryna siňdirýärler. Hamrak ellerinden, on barmagyndan dür dökülýän ene-mamalarymyzdan bize miras galan ajaýyp el işleri, keşdeçilik sungaty bu gün ýokary derejede dowam etdirilýär. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk milli lybaslarymyz tomaşaly toýlarymyzyň, dabaraly günlerimiziň ýaraşygy hem bezegi. Çogly gün kimin lowurdap duran keşdeler ony synlan her bir ynsany biparh goýmaýar. Çeper elli, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işleriniň ählisi hem gymmatly, nepis sungat eserini ýada salýar. Döredilýän el işleriň ählisi hem ýiti zehini, sabyrlylygy, ukyp-başarnygy, irginsiz zähmeti, döredijiligi talap edýär. Halkymyzyň asyrlar boýy toplanan tejribesinden, pähim-paýhasyndan, ene-mamalarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen keşdeçilik sungatymyz nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlykdyr. Bu inçe sungatyň ÝUNESKO-nyň naýbaşy nusgalarynyň abraýly sanawyna girizilmegi hem ýöne ýerden däldir. Bir-birinden çeper, nepis el işleri zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň el işine bolan ýokary çeperçiliginiň, ussatlygynyň kepilidir. Zenan kalbynyň nagşyndan, gyz-gelinleriň köňül joşundan, tebigatyň gözelliginden nusga alnyp kemala gelýän keşdelerde ähli ajaýyplyklary görmek bolýar. Sungat derejesine ýetirilen ajaýyp el işleri, kürte, çabyt, çyrpy, gültahýa, keşdeli keteni, ýanly köýnekler gözelligiň hut özüdir! Türkmen zenanlarynyň başyna atýan kürtelerine we çyrpylaryna, başlary bezeýän gültahýalaryna, çogly keteni köýnegine salynýan nagyşlar gözellige we näziklige ýugrulandyr. Çünki olar zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň çeper döredijilik ukybyndan, çuň zehininden döreýän köňül arzuwlarydyr!

Şeýle bagtyýar eýýamda türkmen keşdeçilik sungatynyň barha kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi we tutuş dünýä ýüzüne ýaýylmagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun! 

 

Gunçagül DÖWLETOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.