logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Gresiýada miladydan öňki döwre degişli suwasty gämi harabasy tapyldy
  17.03.2024
500
Gresiýada miladydan öňki döwre degişli suwasty gämi harabasy tapyldy

Gresiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen beýanatda Çopan adasynda (KASOS) uzak wagtlap suwasty arheologiki gözlegleriň çäginde ellinistik, rim, wizantiýa, orta asyr we Osman döwründen galan 10 sany suwasty gämi harabalyklary tapyldy.

 

Ispaniýanyň, Italiýanyň we Afrikanyň kenarlaryndan haryt daşaýan gämileriň galyndylarynyň miladydan öňki 3000-nji we 300-nji ýyllar aralygyna degişlidigi mälim edildi. Beýanatda, tapylan tapyndylaryň arasynda Rim döwründen keramiki çüýşeler, gadymy döwürden daşdan ýasalan daş we biziň eramyzyň 150-170-nji ýyllar aralygyndaky Ispaniýanyň amforasy ýaly zatlaryň hem bardygy aýdyldy. 

 

Gözlegleriň netijesinde dokumental film dörediljekligi we öňdebaryjy halkara arheologiki film festiwallarynda görkeziljekdigi mälim edildi.

 

Aknabat AŞYRGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleriinstitutynyň talyby.