logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /«Grimme» kompaniýalar toparynyň wekili Bäherdende
  26.08.2023
614
«Grimme» kompaniýalar toparynyň wekili Bäherdende

«Grimme» kompaniýalar toparynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär hünärmeni Iwan Lýaýs «Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginden gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan telekeçi Rustam Goçyýewiň daýhan hojalygynda bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» gazetinde habar berilýär.

 


Myhman hususyýetçi daýhanyň ösdürip ýetişdirýän ýeralma we sogan ýaly ekinleriniň hasylyna mynasyp baha berip, ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda netijeleri has-da ýokarlandyrmak boýunça maslahatlaryny paýlaşdy. Hünärmen telekeçi daýhanlar bilen duşuşykda wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan innowasion usullary hem-de täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde gök-bakja ekinleriniň hasyllylygyny birnäçe esse ýokarlandyryp boljakdygyny belledi.

 


    Ýeri gelende aýtsaň, Germaniýanyň oba hojalyk ekinlerini, esasan-da, ýeralma we şugundyr ösdürip ýetişdirmekde hem-de gaýtadan işlemekde peýdalanylýan öňdebaryjy tehnologiýalary bilen adygan «Grimme» kompaniýalar toparynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär hünärmeni Iwan Lýaýs 2023-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda ýurdumyza iş saparyny amala aşyryp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän hususyýetçi daýhanlar bilen okuw sapagyny geçdi. Sapagyň dowamynda hünärmen ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleriň taýýarlanylyşy, ulanylýan dökünleriň görnüşleri, ekinlere ideg etmegiň innowasion usullary, hasyl ýygnalanda peýdalanylýan häzirki zaman tehnikalar barada gürrüň berildi.

 


Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyna ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ornaşdyrmak, daýhanlaryň zähmetini goldamak hem-de höweslendirmek ugrundaky tagallalary ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.