logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Gudratly gözellik Bathyzda
  27.04.2020
1541
Gudratly gözellik Bathyzda

      Ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty ýatdan çykmajak gözellige beslenýär. Tebigatyň janlanmagy köňlüňi heýjana getirip, kalbyňy joşurýar. Şol gözellikleriň biri hem Bathyz gözelligidir. Bathyz goraghanasy 87680 gektar meýdany tutup, ol üç bölekden Çemenibit, pulhatyn we gyzyljar ybarat bolup, gözelligi, dürli haýwanlary, pisse tokaýlygy bilen göreni haýrana goýýar. Adyndan belli bolşy ýaly “Bathyz” diýmegiň manysy hemişe salkyn şemalyň öwsüp durmagy bilen bagly bolup, öwüsýän salkyn şemal göwnüňi has-da belende göterýär. Goraghanada dürli haýwanlara duş gelmek bolýar. Ýagny, Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren Jerenlere, Marallara, dürli guşlara käkiliklere şeýle hem gulandyr, dag goçlaryna başga-da birnäçe dürli görnüşli jandarlary daşyndan synlamak has-da lezzet paýlaýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren dürli dermanlyk ösümlikleri we bahar paslynda janlanýan göwnüňi göge göterýän dürli öwüşgünli gülleri göreniňde olaryň hoşboý ysyna ynsan kalby joşa gelýär. Megerem adam durmuşda şeýle gözelliklerden ylham alyp, döredijilikli bolmaga çemeli. Bathyz goraghanasynyň aýratyn haýran galdyryjy gözelligi hem pisse tokaýlygydyr. Dürli ýaşdaky pisseleriň emeli däl-de tebigy taýdan bitmegi elbetde bir gudratdyr.  Agaçlar biri-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýalar. Alymlaryň çaklamalaryna görä pisse agajy üç ýüz ýyla çenli ýaşap bilýär. Şeýle hem ýer oýlan duz ady bilen belli bolan akymsyz çöketlik aklyňy haýrana goýýar. Uly bomadyk depeler enaýy görnüşde nahar duzy bilen şor kölüň kenarynda seleňläp gurak döwür bolsa şorluga öwrülýärler. Bu ýerdäki çöketligiň ýapgytlaryndaky kert oýulan ýerleri göreniňde türkmen tebigatynyň hakykatdan-da täsin ýerleriniň bardygyny görýärsiň. Şeýle gözelliklerden ylham alyp, janly tebigatyň döredýän gudratyny ýakyndan synlamak ynsan durmuşynda has hem täsirli bolýar.