logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /GÜL BEZELEN HALYM!
  21.11.2022
1315
GÜL BEZELEN HALYM!

Türkmeniň halysy halkymyzyň ruhy hem maddy baýlygydyr. Bu beýik sungatda halkymyzyň dünýägaraýşy, ylmy paýhasy, pelsepesi, ruhy dünýäsi jemlenendir. Türkmen halkynyň kalbynyň buýsanjy, törüniň bezegi bolan halylarda ene-mamalarymyzyň mähir yhlasy, söýgüsi siňendir. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen öz milli ajaýyp  sungaty edim-gylymlary we milli gymmatlyklary bar. Bu milliligimiz hem medeni mirasymyz bu gün türkmeni tutuş dünýä tanatdy. Şol gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň nepis halysydyr. Türkmeniň kalby ýaly gözel, nepis hem ajaýyp türkmen halysy kalbymyzyň nurudyr, halkymyzyň genji-hazynasydyr. Bu ajaýyp inçe sungat üstünden ençeme asyr geçse-de, öz gymmatyny ýitirmändir. Her bir göli bir many aňladýan türkmen halysy barada birnäçe ajaýyp nakyllardyr atalar sözi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir: «Dokmaly öý – dok öý», «Bir okana bar – birem dokana», «At ýigide ganat, haly – gyza», «Ha:lym bar – halym bar». Bu paýhasly pentler nesil terbiýesinde hem ähmiýetini saklap gelipdir. Belli syýahatçy Marka Polonyň hem taryhy ýazgysynda türkmen halysynyň waspyny ussatlyk bilen beýan edendigi bellenilýär. Türkmen halylaryna teke, salyr, ýomut, ärsary gölleri salnypdyr. Bäş welaýatyň hem haly gölleriniň öz aýratynlyklary bar. Ýaşyl Tugumyzda we Tugramyzda bäş welaýatymyzyň haly gölleriniň ýerleşdirilmegi türkmen halylarynyň beýikliginiň nyşanydyr. Gözelligiň, nepisligiň nusgasy bolan ajaýyp türkmen halylary gadym döwürlerde dürli ýurtlaryň şa köşklerini, köşki eýwanlary bezäpdir. Halylarymyz dünýä bazarynda iň gymmatly harytlaryň biri bolmak bilen, öýleriň bezegi bolupdyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi giňeýär. Oguzhan atamyzdan gözbaş alan bu milli senedimiz täze röwüşde ösdürilýär. Çünki türkmen halysy türkmeniň at-abraýyny dünýä tanadan milli baýlyklarymyzyň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde hem bu özboluşly sungatyň aýratynlyklary ylmy esasda düşündirilip, onuň waspy örän ýokary ussatlyk bilen beýan edilýär. Milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak biziň her birimiziň mukaddes perzentlik borjumyzdyr. Şeýle gymmatlyklarymyzyň täzeden dikeldilmegi we halyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Maftuna REÝMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.