logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Gül diýarda goşa toý
  02.09.2021
752
Gül diýarda goşa toý

Türkmen halkynyň onuň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ruhubelent, ilhalar, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin döwrüň ösen tehnologiýalarynyň üsti bilen ylym-bilim ulgamynda täze ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Ine bu gün hem diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň mekdeplerinde-de täze okuw ýylynyň başlanmagy, “Bilimler we talyp ýaşlarynyň güni” mynasybetli dabara giňden bellenilip geçildi. Ir säher bilen ak mekdebiň gujagyna dolan körpeleri bilim dünýäsine gadam basan ilkinji günlerinde döwlet ýolbaşçysynyň tagallasy bilen körpeleriň her birine berlen “notebook” sowgatlarynyň olary çäksiz begendirendigini görmek bolýar. Aýdym saza goşulyp çykýan şadyýan çagajyklaryň begençden doly sesi gülki sesleri asudalygyň we parahatçylygyň simwoly bolup asmana ýaň saldy.