logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Gulakhalkalary nädip saýlamaly?!
  26.04.2023
1512
Gulakhalkalary nädip saýlamaly?!

Stilistler bu gözelligi saýlanynda ýüzüň görnüşini göz öňünde tutmak bilen bagly «altyn kadany» ýatdan çykarmazlygy maslahat berýärler. Meselem kwadrat keşpli ýüzüňiz bar bolsa, aýlaw gulakhalkalary, ýüzüňiz inçe bolsa tegelek ýa-da uly şaý-sepleri dakynmak, üçburçlyk ýüz üçin bolsa uzyn ysyrgalary saýlamak has gowudyr.

Gulakhalkalary bedeniň reňkine gabat getirmek babatda has eýermeli bir kada bolmasa-da bu aýratynlygy  göz öňde tutmalydyr. Garaýagyzlara islendik reňkdäki daşlar bilen bezelen ysyrgalar gelşer. Saryýagyz zenanlarda bolsa ýyly öwüşginli şaý-sepler has gowudyr. Eger ysyrga saýlamakda gözleriň reňki bilen utgaşykly keşbi döretmek islegi ýüze çyksa, onda ýa-ha göz bilen reňkdeş ýa bolmasa-da oňa   garşylykly reňkdäki ysyrgan dogrudyr.

Has sazlaşykly keşbi döretmek üçin saçyň taraşlanyş görnüşi hem az ähmiýetli däldir. Saldamly dürli şekilli we uzyn gulakhalkalary gündelik boglup uzynlygyna goýberlen hem-de boglup ýygnalan ýa-da burum saçlar bilen utgaşdyryp baýramçylyk dabarasyna gitmek örän gelşikli obrazy döreder.

Saçyň bezegi barada aýdylanda bolsa munda kare, piksi, bob ýaly gysga saçlara hem ähmiýet berilýär. Zynjyr şekilli saldamly  gulakhalkalar, kafflar, uly halkalar – aksesuarlaryň zenanyň daş keşbine laýyk bolmagy üçin möhümdir. Bu babatda has aýdyň gözelligi döredip bilmek assimetrik saçly zenanlar üçin hem kyn düşmese gerek. Bezegdäki  assimetriýa – has ýerlikli çözgütdir, ýagny bir gulaga uzyn göwrümli halka dakmak, beýleki gulaga bolsa gysga «çüýjagaz» şekilli gulakhalka dakynmak.

Owadan şaý-sepler zenan maşgalalar  üçin položitel duýgularyň çeşmesidir.

 

Nartäç HOJAGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.