Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Gulaklygy nädip dogry ulanmaly?
  28.11.2022
701
Gulaklygy nädip dogry ulanmaly?

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň kämilleşmegi, akylly enjamlaryň ýüze çykmagy bilen, olaryň gündelik durmuşymyzdaky orny barha artýar. Şolaryň arasynda gulaklyklar hem biziň ýaşaýşymyza ymykly ornaşan enjamlaryň biridir. Gulaklyklaryň peýdalary bar hem bolsa, olaryň ýetirýän zyýanly taraplary-da az däldir. Şol sebäpden gulaklygy tehniki hili boýunça saýlap almaklyga üns bermelidir. 

Gulaklyk haçan zyýanly bolup biler? 

- gulaklygyň sesiniň aşa batly bolmagy, ýagny sesiň belentliginiň görkezijisi 60%-den geçmeli däl;
- sesiň hiliniň pesligi;
- şowhuny peseldijiniň bolmazlygy;
- gulaklyklygyň gulagy dolulygyna ýapmazlygy.
 

Eger-de köp wagtlap gulaklyk dakynanyňyzdan soňra gulagyňyz agyrýan bolsa, onda gulagyňyza dynç beriň. Eger-de agyry 6 sagadyň dowamynda aýrylmasa, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Ýa-da bolmasa, gulaklygy aýranyňyzdan soňra eşidilýän sözleri aýyl-saýyl edip bilmeseňiz ýa-da olaryň manysyna düşünmeseňiz, onda bu eşidiş synasyna zeper ýetendiginiň alamaty bolup biler. 

Gulaklygy nädip dogry ulanmaly? 

- sesiniň belentligi 60% ýokary geçmeli däl;
- gulaklygy günüň dowamynda köp wagtlap ulanmaly däl;
- ýatylanda gulaklyk dakynyp ýatmaly däl;
- gulaklygyň pes hilli görnüşlerini saýlap almaly däl;
- gulagyň dürli kesellerinden ejir çekýänlere gulaklyk ulanmaklyk maslahat berilmeýär.
 

Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, gulaklygy ulanýanlaryň agramly böleginiň ýaş ýetginjekler bolmagydyr. Çünki entek ýaş wagty olara gulaklygyň ýetirýän zyýany bildirmese-de, ulaldyklaryça onuň zyýany ýüze çykyp başlaýar. Gulaklygyň sesi näçe ýokary bolsa, gulaga düşýän agram hem şonça-da artýar we eşidiş synasyna zeper ýetýär. Şeýle-de ýaşlaryň el telefony ulanmagyň saglygy goramak bilen baglanyşykly düzgün-kadalaryny öwrenmegi hem möhümdir. Günüň dowamynda el telefonyndan köp wagtlap gereginden artyk peýdalanmaklyk saglyk üçin ýaramly däldir. Häzirki döwrüň şeýle akylly hem täsin enjamlaryny ulanmaklyk biz üçin näçe amatly bolsa-da, onuň zyýanly taraplaryny hem unutmaly däldiris. 

 

Çeper RAHMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.