logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /GÜLLERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSI
  01.11.2022
3118
GÜLLERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSI

Güller - bu tebigatyň owadan we özüne çekiji ajaýyp döredijiligidir. Güller özüniň owadanlygy we özüne çekijiligi bilen köpleri haýrana galdyrýar. Geliň, dünýädäki täsirli we täsin gülleriň käbirleri bilen tanşalyň: 

- Müsürde 4 müň ýyldan gowrak öň gül ösdürip ýetişdirmek başlanypdyr;

- Dünýädäki iň uly ýaprakly gül rafiýa palmasy hasaplanyp, onuň boýunyň uzynlygy 20 metre çenli ýetýär;

- Gollandiýa çigildemleriň watany hasaplanyp, bu ýerde çigildemler ýazyň başynda adamlary ilkinji bolup begendirýän güllerdir;

- Çigildemler - dünýäde iň çalt ösýän gülleriň biri bolup, olar diňe bir günde 2 santimetr ösýär;

- Pion güli - hytaýyň milli güli hasaplanylýar. Sebäbi, ýurtduň ilaty hakykatdanam pionlaryň jadyly häsiýetleriniň bardygyna ynanýarlar. Mundan başga-da, hytaýlylar piony erbet ruhlary öýlerinden kowýar diýip hasap edýärler;

- 2002-nji ýylda Hytaýyň çäginde arheologlar tarapyndan tapylan «Ähli gülleriň enesi» güli dünýädäki iň gadymy gül hasaplanylýar. Bu gülüň ýaşy 125,000,000 ýyldan gowrak;

- Amerikan tropiki ýerlerinde ösýän «Aý güli» atly gülleriniň gülläp ösmegi üçin günüň däl-de, aýyň ýagtylygynyň bolmagy, ýagny ösümligiň diňe garaňkyda gülleýänligi bilen tapawutlanýar;

- Wiktoriýa regia güli iň uly suw liliýasydyr. Ýagny, bu gülüň diametri 2 metre çenli ýetip, onuň iň ýokary hasaba alnan agramy 50 kg-a deňdir. Şeýle hem, bu güller diňe gije gülleýär, reňki bolsa gülgüne, ak ýa-da gyzyl reňke öwrülýär.

 

Patma BABAJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.